Ogulgerek Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasyna ýüpekden dokalan haly sowgat berdi

  • 12.06.2024 01:47
  • 45k+

Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň saparynyň ikinji gününiň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa dostlukly ýurduň baştutanynyň maşgalasy Kim Kon-Hi bilen türkmen halkynyň medeni mirasyna bagyşlanylan sergini synladylar.

Bu sergi myhmany türkmen halkynyň ruhy medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşdyryp, amaly-haşam sungatynyň eserlerini hem-de muzeý gymmatlyklaryny-da özünde jemledi. 
Ogulgerek Berdimuhamedowa koreýaly myhmana halylaryň aýratynlyklary hem-de olaryň türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän uly orny barada gürrüň berdi.
Şeýle hem bu ýerde Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Kim Kon-Hi türkmen Modalar öýüniň zenan lybaslarynyň görkezilişini synlady. 
Şeýle hem bu ýerde Ogulgerek Berdimuhamedowa koreýaly myhman zenana ýüpekden dokalan halyny ýadygärlik sowgat berdi.


Şu pursatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol ikitaraplaýyn duşuşyklaryny tamamlap, öz maşgalalarynyň ýanyna goşuldylar hem-de bu ýerdäki uly suraty synladylar. Onda halkymyzyň buýsanjy we guwanjy türkmen ahalteke bedewiniň hem-de türkmen alabaýynyň keşbi ussatlyk bilen şekillendirilipdir. 
Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewi hem-de türkmen alabaýy barada gürrüň berip, olaryň türkmen halkynyň milli gymmatlygydygyny we buýsanjydygyny aýtdy.


düýn 20:40
1.8k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....

düýn 00:03
3.1k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......