Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy

  • 12.06.2024 01:12
  • 33k+

11-nji iýunda Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda döwlet sapary bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoly hem-de sapar wagtynda ýanynda bolan maşgalasy Kin Kon-Hini türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa mähirli mübäreklediler.
Duşuşygyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ýun Sok Ýoly Aşgabatda ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm wakadygyny belledi.
Ýun Sok Ýol bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga üýtgewsiz gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Soňra duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahaty görnüşinde dowam etdi. Maslahatyň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugry bolup durýan söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan “mawy ýangyjyň” gorlary boýunça dünýädäki öňdäki orunlaryň birini eýelemek bilen, diňe bir onuň gazylyp alnyşyny artdyrmak hem-de eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy ugur edinmek bilen çäklenmän, bu çig maly gaýtadan işlemegiň möçberlerini artdyrmagy, ýokary tehnologiýaly önümçilik düzümini, şol sanda ösen gazhimiýa pudagyny kemala getirmegi ugur edinýär. Munuň özi koreý, şeýle hem umuman, daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary hem-de ekologiýa taýdan arassa ýokary tehnologiýalary ulanmak arkaly täze bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň ulag ulgamynda awtomobil tehnikalaryny ibermek babatynda uly tejribe toplandyklaryny aýtdy. “Hyundai” kompaniýasy bu ugurda biziň ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşydyr.
Prezident Ýun Sok Ýol Gahryman Arkadagymyza ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine hemişe üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip, biziň ýurtlarymyzyň bu babatda garaýyşlarynyň hem-de eýeleýän orunlarynyň meňzeşdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlaryny goldap, olaryň örän möhümdigini nygtady.
Koreýa Respublikasy Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge çalyşýar hem-de bu maksatlar üçin öz baý tejribesini hem-de tehnologiýa mümkinçiliklerini hödürlemäge taýýardyr diýip, dostlukly döwletiň Baştutany aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ýokarda agzalyp geçilen pudaklar bilen bir hatarda, Koreýanyň işewür toparlary, şeýle hem beýleki ulgamlarda, şol sanda şähergurluşygynda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýärler. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Türkmenistanda Arkadag “akylly” şäheriň birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlandy, ýakyn geljekde bolsa ýene-de bir ägirt uly taslamany – “Aşgabat-sitini” durmuşa geçirmäge girişmek meýilleşdirilýär. Bularyň ählisi özara bähbitli ýakyn işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin şertleri döredýär.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar gadymdan gelýän dostluk, özara hormat goýmak, ynanyşmak hem-de hoşniýetli erk-isleg ýörelgelerine daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň geljekde hem okgunly ösdüriljekdigine hem-de ähli bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler.


düýn 16:07
2.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 21:27
2.7k+

Günorta Koreýanyň paýnamalary 2026-njy ýylda 100% ýokarlandy we dotkom döwrüniň rekordlaryny täzeledi

Günorta Koreýanyň öňdebaryjy Kospi birža indeksi 2026-njy ýylyň başyndan bäri 100% ýokarlanyp, taryhda ilkinji gezek 8000 belgi çäginden geçdi....