Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Türkmen-koreý işewürlik maslahaty geçirildi

  • 11.06.2024 16:04
  • 12k+

Şu gün, 11-nji iýunda Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen türkmen-koreý işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Türkmen-koreý işewürlik maslahaty Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirildi.

Koreýanyň “Ýonhap” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Prezident Ýun Sok Ýol öz ýurdunyň senagat we tehnologiýa nou-haulary bilen Türkmenistanyň baý serişdelerini birleşdirmek bilen iki ýurduň arasynda ykdysady arabaglanyşygyň döredilip bilinjekdigini belledi.
Iki ýurduň hökümet we işewür wekilleriniň 200-den gowragynyň gatnaşmagynda geçirilen türkmen-koreý işewürlik maslahatynda çykyş eden Prezident Ýun Türkmenistanyň tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde 4-nji orunda durýandygyny belläp, Günorta Koreýanyň senagatlaşmak we öňdebaryjy tehnologiýlar pudagyndaky tejribesiniň geljekde hyzmatdaşlygygyň täze ugurlaryny döretjekdigini belledi.
Ol koreý kompaniýalaryny Türkmenistandaky energetika we senagat taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......