Şamelek Pavilion toý dabaralary üçin Türkmenistanda ilkinji bolup üçegi aýna ýaly dury palatkalaryny hödürleýär

  • 11.06.2024 14:27
  • 29k+

“Şamelek Pavilion” Türkmenistanda ilkinji bolup toý dabalary, sadakalar, doglan günler, şeýle hem köp adamly beýleki dabaralar üçin niýetlenen üçegi aýna ýaly dury, özboluşly bezegi bolan ýewro palatka hyzmatyny hödürleýär.

 

Açyk asman görnüp duran kaşaň palatkalar özboluşly dizaýna eýe bolup, ýurdumyzda ilkinji gezek ulanylýar. Bu hili palatkalar islendik howa şertlerine garamazdan, myhmanlaryň özlerini rahat duýmagy, medeniýetli dynç almagy üçin şertleri üpjün edýär.
“Şamelek Pavilion” 2 müň adama çenli niýetlenen bu hili döwrebap palatkalary bilen islendik dabaralaryň myhmanlaryň ýadynda uzak wagtlap ýakymly ýatlama bolup galjakdygyny kepillendirýär.
“Şamelek Pavilion-yň” ussat aşpezleri bolsa toý tagamlarynyň datly hem lezzetli bolmagyny üpjün edýärler. Ofisiantlar hem öz gezeginde toýa gelen myhmanlaryň dynç almaklary üçin ýokary hilli hyzmat ederler.

 

“Şamelek Pavilion” şeýle hem şu hyzmatlary hödürleýär:

  • Göçme restoranlar;
  • Han palatalar;
  • Ak öýler;
  • Kofe-bar;
  • Stol-stullar;
  • Bio hajathana;
  • Dürli görnüşli gap-gaçlar;
  • Gelinalyjy hyzmaty;
  • Kendibar (süýjülikler stoly).

“Şamelek Pavilion-yň” hödürleýän hyzmatlary, palatkalaryň aýratynlyklary bilen has ýakyndan tanyşmak üçin Instagram sahypasyna girip görüň.
Habarlaşmak üçin:
+993 65728834,
+993 65728968,
+993 12415160.

TmCars: Şamelek Toý mekany


22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.2k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......