Ed Şiran “wagtyny gözegçilikde  saklamak üçin” 10 ýyl bäri smartfonsyz ýaşaýar

  • 11.06.2024 06:37
  • 7.9k+

Iňlis aýdymçysy Ed Şiran Therapuss podkastynda 2015-nji ýylda smartfondan ýüz öwürmek kararyna gelendigini gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, ol yzygiderli habarlardan we ondan gyssagly jogap talap edýän “sms-leşmek medeniýetiniň” basyşyndan bizar bolupdyr.

“Takmynan 15 ýaşymdan bäri men şol bir telefon belgini ulanýardym. Indem men meşhur boldum, telefonymda 10 müň töweregi kontakt bardy we şol adamlaryň hemmesi maňa mydama zat ýazýardy, menem olara hemişe bir zatlar diýip jogap bermeli bolýardym " – diýip, ol ýatlaýar.

Şiran özüni hemmä jogap bermäge borçly hasaplaýandygyny, munuň bolsa onuň wagtyny alyp,  ýakynlary bilen doly derejeli gatnaşyk saklamaga päsgel berýändigini aýtdy.

“2015-nji ýyldan bäri mende telefon belgi ýok. Ýakynda “Boston Seltiks” oýnuna gidenimde özümi surata düşürmek üçin maňa telefon berdiler, ýöne şondan soň men ony ulanmadym " – diýip, sazanda sözüniň üstüni ýetirdi.

Häzirki wagtda Şiran diňe iPad we e-poçta ulanýar.

“E-poçta seretmek üçin günde bir sagat wagt aýyrýan, köplenç, ony ulagda otyrkam barlaýaryn. Hatlary saýhallaýaryn we jogap ýazýaryn. Bu maňa wagtymy gözegçilikde saklamagy aňsatlaşdyrýar. <…> Onsoňam aragatnaşyk medeniýetinde şeýle tapawut hem bar, hiç kim poçta boýunça gyssagly jogap berilmegine  garaşmaýar. WhatsApp-da haty okan wagtyň bellijek peýda bolýar, haty bolsa özüňe  amatly wagtda ýazyp ýa-da okap bilýärsiň, esasy zat - jogap berseň bolany ”- diýip Şiran sözüni jemleýär.

Mundan başga-da, sazanda ýekeligiň özi üçin peýdalydygyny aýdýar: aýalyna restoranda ýa-da uçara münülende garaşýarka, sosial ulgamlary sahaplamak üçin telefonyna girmeýär, özi bilen ikiçäklikde galýar we aýdymlary üçin täze pikirleri gözleýär.


düýn 19:18
2.4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......