FIA täze düzgünnama hödürledi: 2026-njy ýylda “Formula-1-e” uly özgerişler garaşýar

  • 09.06.2024 15:11
  • 5k+

Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) saýtynda “Formula-1-iň” 2026-njy ýyl möwsüminden güýje girjek täze düzgünnamasyny hödürledi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Düzgünlere laýyklykda, bolidler häzirkilerden 30 kg ýeňil, 200 mm gysga we 100 mm inçe bolar, bu hem olaryň netijeliligini we dolandyryjylygyny ýokarlandyrar. Döwrebaplaşdyrylan gibrid güýç gurluşynyň batareýalary öňki nesil hereketlendirijileri bilen deňeşdirilende üç esse kuwwatly bolar.
DRS sistemasynyň deregine hereket edýän öňki we yzky ganatlary öz içine alýan işjeň aerodinamika peýda bolar. Bu adaty Z-Mode režimi ulanylanda öwrümlerde has ýokary tizligi üpjün eder. Göni ýollarda ýaryşa gatnaşyjylar tizligi ýokarlandyrmak üçin ýörite işlenip düzülen pes garşylykly X-Mode režimine geçip bilerler. Basyş güýjüniň derejesi 30%, öňden gelýän garşylyk 55% peseler.
El bilen dolandyryş režimi ozup geçmek üçin has köp elektrik energiýasyny ulanmaga mümkinçilik berer. Ozuş režiminde kuwwatlylyk 120 kWt-den 350 kWt-e çenli ýokarlanar.
2026-njy ýylda awtomobiller 100 göterim ekologiýa taýdan arassa ýangyçda işlär. Bolidleriň howpsuzlygy has berk gurluşlar we has güýçli kraş-synaglar arkaly ýokarlandyrylar.
2026-njy ýylyň düzgünnamasy 28-nji iýunda Bütindünýä awtosport geňeşi tarapyndan resmi taýdan tassyklanmaly.


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....