Toyota Camry ahyrsoňy güýçli hereketlendiriji aldy: kuwwaty 230 at güýji, ýangyç sarp edişi - 4,55 l/100 km

  • 09.06.2024 07:20
  • 21k+

Hytaý bazarynda dokuzynjy nesil iň kuwwatly Toyota Camry hödürlendi. Sedan 2,5 litrlik hereketlendirijiniň esasynda 3,5 litrlik hereketlendirijiniň  ornuny tutjak gibrid güýç gurluşyny aldy diýip, Autohome ýazýar.

Ulgamyň umumy kuwwaty 230 at güýji, bu 2,0 litrlik gibrid Camry-den 32,5 at güýji köp.
Mundan başga-da, awtoulag indi has tygşytly. WLTC usuly bilen ölçenende ýangyç sarp edişi bary-ýogy 4,55 l / 100 km, bu bolsa 2,0 litrlik wersiýanyň görkezijisi bilen deňdir.
Täze önümiň daşky bezeginde-de birnäçe aýratynlyk bar. Sedanyň iň ýokary bezegli görnüşi şu aşakdakylar bilen enjamlaşdyrylan:

  • Üçegi panoramly;
  • Yzky penjiresi elektrik perdeli;
  • Desti gyzdyryjyly;
  • Yzky tirseklikde howa-gözegçiligi dolandyryş düwmesi bar;
  • Sürüjiniň oturgyjy 10 basgançakly elektrik sazlaýjyly;
  • Üç zolakly howa-gözegçilikli;
  • 10 howa ýassygy;
  • Ýagtylygy ýakyndan uzaga awtomatiki geçirişli;
  • TSS 3.0 howpsuzlyk ulgamy toplumy.

Hytaýda täze Camry-niň bahasy 30,3-35,9 müň dollar aralygynda üç sany bezeg derejesinde hödürlenýär.


düýn 09:36
2.3k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
6.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
12k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.5k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......