Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ilkinji gezek Türkmenistana sapar bilen geler

  • 07.06.2024 16:32
  • 31k+

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol 11-15-nji iýun aralygynda Türkmenistanda, Gazagystanda we Özbegistanda resmi saparda bolar. Bu barada koreý lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.

Belläp geçsek, Ýun Sok Ýol Türkmenistana özüniň ilkinji saparyny amala aşyrýar. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan üstünden 30 ýyldan gowrak wagt geçdi.
Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy gaz we gazhimiýa pudaklarynda hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan Koreýa bilen ulag ugrunda-da işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Häzirki wagtda türkmen tarapy koreý hyzmatdaşlarynyň gämi gurluşygy babatdaky tekliplerine uly gyzyklanma bildirýär.
2008-nji ýylyň sentýabrynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda koreý dili bölümi, 2019-njy ýylyň sentýabrynda Türkmenistanda Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwrenmek boýunça bilim merkeziniň açyldy.


şu gün 07:51
1.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
980

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......