Toyota we Mazda maglumatlaryň galplaşdyrylmagy sebäpli bäş modeliniň önümçiligini togtatdy

  • 07.06.2024 14:01
  • 14k+

Toyota we Mazda kompaniýalary Ýaponiýanyň Ýer, infrastruktura, ulag we syýahatçylyk ministrliginiň çözgüdi esasynda 6-njy iýundan bäş modeliň önümçiligini togtatdylar. Edara kompaniýalar tarapyndan awtoulaglaryň synag netijeleri baradaky maglumatlaryň galplaşdyrylmagynyň üstüni açdy diýip, IXBT habar berýär.

Şeýlelikde, Toyota kompaniýasy Corolla Fielder, Corolla Axio we Yaris Cross modelleriniň önümçiligini 28-nji iýuna çenli togtadar. Mazda hem Roadster RF we MAZDA2 modellerini çykarmagyny togtatdy, ýöne önümçiligiň gaýtadan başlanjak senesini heniz aýtmady. Iki kompaniýanyň-da beýleki modelleri adaty ýagdaýda öndürilmegini dowam etdirer.
Geçen maliýe ýylynda Toyota-nyň ýokarda agzalan üç modeliniň umumy önümçiligi, takmynan, 130 000 awtoulag boldy, Mazda-nyň iki modeliniň önümçilik möçberi bolsa, takmynan, 15 000 birlik boldy. Önümçiligiň togtadylmagy iki kompaniýanyň hem görkezijilerine ýaramaz täsir edip biler.
Toyota, Honda we Mazda kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bu waka sebäpli ötünç soramak üçin metbugat maslahatyny geçirdiler. Toyota Group-yň prezidenti Akio Toýoda metbugat maslahatynda şeýle diýdi: “Galplyk – şahadatnama ulgamyny gowşadýan esasy mesele we awtomobil öndürijileri muny hiç haçan etmeli däldir. Toyota Group-yň ýolbaşçysy hökmünde men çyn ýürekden ötünç soraýaryn”.
Mazda-nyň prezidenti Kasuhiro Moro hem metbugat maslahatynda şeýle diýdi: “Men Mazda awtomobillerini ulanýan müşderileri birahat edýändigim üçin özümi günäkär duýýaryn. Men öz borçlaryma has jogapkärli çemeleşerin”.
Belläp geçsek, maglumatlary galplaşdyran kompaniýalaryň arasynda Toyota we Mazda-dan başga-da, Yamaha Engine, Honda Giken Industries we Suzuki bar.


şu gün 14:05
2.2k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

şu gün 08:16
1.9k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.8k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......