Toyota meşhur RAV4-i üçin uly täzelenme taýýarlaýar

  • 26.07.2025 12:03
  • 4.7k+

Toyota 2024-nji ýylda ABŞ-da iň köp satylan iň meşhur RAV4 krossoweri üçin möhüm täzelenme taýýarlaýar. ABŞ-ly dilerleriň bellemegine görä, modeliň täze nesli 2026-njy ýylda peýda bolar we kuwwaty 320 at güýjüne deň we ýöreýiş ätiýaçlygy 80 km çenli bolan elektrik gibrid we elektrik görnüşlerini (HEV we PHEV) hödürlär.

Täze modeliň çykmagyna garaşylýandygyna garamazdan, RAV4 2025-iň häzirki wersiýasyna gyzyklanma ýokary bolmagynda galýar. Bahalar maslahat berlen derejede galýar: esasy LE komplektasiýasy 30 880 dollardan, Hybrid XLE gibrid görnüşi bolsa 37 000 dollardan başlaýar. Hiç hili ýetmezçilik ýa-da mese-mälim  arzanladyş ýok, sebäbi isleg durnukly bolmagynda galýar, şol sanda plagin-gibridler babatda hem şeýle.
2026-njy ýylyň wersiýasy doly gibrid setirini, täze Arene multimediýa ulgamyny, 12,3 dýuýmlyk sanly gurallar toplumyny, diagonaly 12,9 dýuýmlyk ekrany, simsiz Apple CarPlay we Android Auto interfeýslerini, salony gowy bezeg materiallaryny we Toyota Safety Sense 4.0 howpsuzlyk ulgamlary toplumyny alar.
Dizaýny hem täzelener: täze radiator paneli, LED optikasy we üç dizaýn warianty - Core, Rugged we Sport arkaly awtoulag has haýbatly bolar.
Kompaniýa häzirki modeli pragmatiki alyjylar üçin, 2026-njy ýylyň  wersiýasyny bolsa tehnologiki innowasiýalar we häzirki zaman dizaýny bilen gyzyklanýanlar üçin hödürleýär.


düýn 21:15
3.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....