Nvidia Apple-den öňe geçip, dünýäde iň gymmat ikinji kompaniýa boldy

  • 07.06.2024 13:43
  • 4.1k+

Nvidia kompaniýasynyň paýnamalary rekord derejä çenli gymmatlap, emeli aňyň esasynda çip öndürijisiniň bazar bahasynyň 3 trln dollardan geçmegine mümkinçilik berdi. Netijede, Nvidia Apple-den öňe geçip, dünýäde bahasy boýunça ikinji orunda durýan kompaniýa boldy diýip, IXBT habar berýär.

Nvidia-nyň paýnamalary 5-nji iýunda 5,2% ýokarlanyp, 1224,40 dollara ýetdi, şol bir wagtyň özünde kompaniýanyň bahasy 3,012 trln dollar boldy. Apple-iň bazar bahasy soňky gezek paýnamalary 0,8% gymmatlanda, 3,003 trln dollar bolupdy.
Nvidia 7-nji iýundan başlap paýnamalaryny 10/1 gatnaşykda bölmäge taýýarlanýar, bu ädim onuň aýratyn maýadarlar üçin özüne çekijiligini ýokarlandyryp biler diýip, Reuters ýazýar.
Microsoft paýnamalary 1,9% ýokarlanandan soň, 3,15 trln dollar bazar bahasy bilen dünýäde iň gymmat kompaniýa bolup galdy. Ýöne Nvidia şeýle depgin bilen tiz wagtdan birinji orna-da geçip biler.


19.06.2026 14:20
3k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

19.05.2026 09:37
4.6k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......