ABŞ-da kongresmeniň içgysgynç çykyşy 6 ýaşly oglunyň "tagallalary bilen" millionlarça tomaşa gazandy

  • 07.06.2024 13:10
  • 18k+

ABŞ-nyň kongresmeni Jon Rouzyň işe getiren alty ýaşly oglunyň ýüz-gözüni oýnadyşy we hereketleri kakasynyň çykyşyndan has özüne çekiji boldy diýip, Meduza habar berýär.

3-nji iýunda Tennessi ştatyndan respublikaçy Rouz-ulusy Kongresde Donald Trampyň peýdasyna çykyş etdi. Emma tomaşaçylaryň ünsi onuň sözlerine däl-de, alty ýaşly ogly Gaýa gönükdi. Kameranyň özüne bakdyrylanyny gören oglanjyk ýüzüni-gözüni oýnadyp, her hili yşaratlary görkezip başlady.
Gaýyň gülkünç ýüzüniň wideosyna sosial ulgamlarda millionlarça gezek tomaşa edildi. Ol barada Amerikanyň iň iri habar beriş serişdeleri, şol sanda The Washington Post gazeti hem ýazdy. Gaýyň özi bolsa CNN-de peýda boldy. Gaýyň tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekip bilmek ukybyna kongresmen Rouzyň Respublikan partiýadaky kärdeşleri-de, olaryň demokratik garşydaşlary-da ýokary baha berdiler.
Kongresmeniň özi oglunyň hokgasyna gülmek bilen jogap gaýtardy.

“Adatça, ol özüni gowy alyp barýar. Ýöne diýseň-diýmeseň, ol edil alty ýaşyndaky beýleki deň-duşlary ýaly oglanjyk"-diýip, Rouz nygtady .

Gaýyň özi kakasynyň çykyşynyň "gaty içgysgynç" bolandygyny boýun aldy we žurnalistlere ýüz-gözüni başga-da her hili edip oýnadyp bilýändigini, ýöne hemmesini bir gezekde görkezmäge taýyn däldigini aýtdy.


22.06.2026 00:57
5.2k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......