BMW 4 modeline täze hereketlendirijileri goşmak bilen, dizel hataryny giňeldýär

  • 07.06.2024 11:33
  • 5.1k+

2024-nji ýylyň ýazynyň ahyrynda BMW Ýewropa üçin öndürýän ulaglarynyň setirini täzelemek bilen, dört modeline täze dizel we gibrid görnüşlerini goşdy diýip, IXBT ýazýar.

5-Series sedany kuwwaty 303 at güýjüne barabar bolan 3,0 litrlik dizel hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan iň ýokary derejeli 540d xDrive modifikasiýasyny aldy.
2-Series Active Tourer ykjam mikroawtobusy we X1 / X2 krossowerleri 2,0 litrlik 163 at güýji dizel hereketlendirijili sDrive20d-iň öň tigri hereketli wersiýalaryna eýe boldy.
Dizel görnüşlerinden başga-da, BMW 299 at güýji bolan, zarýad berilýän 530e xDrive gibridlerini hem hödürledi.
Dizel we gibrid diapazonynyň giňelmegi “Ýewro-7” daşky gurşaw ülňüleriniň talaplarynyň gowşadylmagy netijesinde mümkin boldy. Bu BMW-ä doly elektrikleşmä geçmekde howlukmazlyga mümkinçilik berdi we alyjylara doly elektrikli görnüşleri peýda bolýança, dizelli görnüşi hem öz içine almak bilen, hereketlendirijileriň köp sanly görnüşlerini hödürledi.
Şeýlelikde, Bawariýanyň markasy müşderileriň, mümkin boldugyça, iň uly toparlaryny özüne çekmäge  umyt baglaýar.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

18.06.2026 10:58
4k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......