Itlerde molekulalaryň ysyny alyp bilmek ukyby ýüze çykaryldy

  • 06.06.2024 15:04
  • 3k+

Fin alymlary tarapyndan geçirilen täze barlag itleriň ajaýyp ys duýgusynyň bardygyny, ysyň örän az konsentrasiýasyny kesgitlemäge ukyplydygyny görkezdi. Barlagyň dowamynda, haýwanlar 10 millilitr suwda 1 molekula seýreklenen ewkalipt gidrolaty bolan predmetleri tapyp bildiler diýip, Interesting Engineering ýazýar.

Deňeşdirmek üçin, bir hamyrmaýa öýjüginde 42 million molekula bar.
Barlag Helsinki uniwersitetiniň we Gündogar Finlýandiýa uniwersitetiniň alymlary tarapyndan 15 tälim berlen itiň gatnaşmagynda geçirildi.
Şeýle hem alymlar ys almakda az tejribesi bolan itleriň tejribelilerden has gowy netije görkezendiklerine göz ýetirdiler. Alymlar tejribeli itleriň ewkaliptiň ysyny öň alandyklaryny we ony seljermek üçin has ýokary konsentrasiýa talap edýändiklerini çaklaýarlar.
Barlagyň netijeleri “Animals” žurnalynda çap edildi.


düýn 20:31
2.9k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......