Türkmenistanyň ekologiýa abadançylygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi

  • 06.06.2024 13:27
  • 3k+

5-nji iýunda Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp, “Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Her ýyl geçirilýän forum ekologiýa ulgamynda gazanylanlary we döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.
Utgaşykly görnüşde guralan maslahata ýurdumyzyň tebigaty we daşky gurşawy goramak düzümleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamyndaky üstünliklerini şöhlelendirdi.
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1972-nji ýylda esaslandyryldy. Şondan bäri ol dünýäniň köp ýurtlarynda häzirki zamanyň ählumumy meseleleriniň çözülmeginde dünýä jemgyýetçiligini has utgaşykly işlemäge bolan maksatlary özünde jemleýän sene hökmünde bellenilýär.
Maslahata sanly ulgam arkaly gatnaşan BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Wiorel Gusu bu forumyň dialog hem-de bilim paýlaşmak üçin oňat meýdança bolup hyzmat edýändigini aýtdy.
Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy A.Orazbaýyň umumy mejlise gatnaşyjylara iberen wideoýüzlenmesinde Aral deňzi sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly ösüşi üçin daşky gurşawy goramak boýunça Sebit maksatnamasynyň çäklerinde Aral deňzi sebitiniň ekoulgamyny dikeltmek, oňaýsyz täsirlerini peseltmek babatda durmuşa geçirilen iri taslamalar hakynda aýdyldy.
Soňra maslahat öz işini Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde we Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda birwagtda geçen üç bölümde dowam etdi.


düýn 15:42
853

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
891

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.7k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......

düýn 07:36
880

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim......