Hökümetara türkmen-koreý toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi

  • 05.06.2024 12:22
  • 2.2k+

3-nji iýunda wideoaragatnaşyk arkaly Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň nobatdaky 9-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow, Koreýa Respublikasynyň wekiliýetine bolsa, bu ýurduň Söwda, senagat we energetika ministri An Dokgyn ýolbaşçylyk etdi.
Mejlisiň dowamynda ykdysadyýet, himiýa, nebitgaz, saglygy goraýyş ýaly ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygy meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara gyzyklanma esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygy aýratyn bellenildi. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň ykdysady gazananlaryny nazara almak bilen, söwda, maýa goýum we ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde uly mümkinçilikleriň bardygy tassyklandy.
Şeýle hem Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem-de berkitmekde iň ýokary we ýokary derejelerdäki geçirilýän duşuşyklara uly ähmiýet berilýändigi aýratyn nygtaldy.
Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň 9-njy mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.


düýn 16:07
2.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 21:27
2.7k+

Günorta Koreýanyň paýnamalary 2026-njy ýylda 100% ýokarlandy we dotkom döwrüniň rekordlaryny täzeledi

Günorta Koreýanyň öňdebaryjy Kospi birža indeksi 2026-njy ýylyň başyndan bäri 100% ýokarlanyp, taryhda ilkinji gezek 8000 belgi çäginden geçdi....