Türkmen agyr atletikaçysy Süleýman Jafarow ýetginjekleriň arasynda dünýä çempiony boldy

  • 05.06.2024 12:18
  • 13k+

17 ýaşly türkmen agyr atletikaçysy Süleýman Jafarow 102 kilograma çenli agramda ýetginjekleriň arasynda dünýäniň çempiony boldy. Ýaryş Perunyň paýtagty Lima şäherinde geçirildi.

Ştangany birden götermekde 143 kilogram agyrlygy boýun egdiren Süleýman bu görnüşden altyn medal gazandy. Itekläp götermek boýunça görkezen 170 kilogramlyk netijesi bolsa türkmen türgenine bürünç medal getirdi. Iki görnüşiň jemi boýunça 313 kilogram (143+170) netijesi ildeşimiziň umumy hasapda altyn medala eýe çykmagyny şertlendirdi.
Süleýmanyň ilkinji tälimçisi onuň kakasy Bagtyýar Jafarowdyr. Ýaş türgen häzirki wagtda Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň baş tälimçisi Ahmet Saryýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşik geçýär
Ýaryşa dünýäniň 50 ýurdundan 280 türgen gatnaşdy.

Jafarowdan başga-da, ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionatynda ýene-de iki sany türkmen türgeni medal gazandy, Ogulşat Amanowa (49 kg çenli) itekläp we silterläp götermegiň jemi boýunça kümüş medal, Didarbek Jumabaýew (67 kg çenli) itekläp götermekde bürünç medal aldy.
Umumylykda, Türkmenistanyň ýygyndysy bu ýaryşda 7 medal gazandy (3 altyn, 1 kümüş we 3 bürünç).


03.06.2026 17:49
3.7k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......