Türkmenistandan ýaş agyr atletikaçy Perudaky ýetginjekleriň dünýä çempionatynda kümüş medal aldy

  • 25.05.2024 20:24
  • 11k+

Türkmenistandan ýaş türgen Ogulşat Amanowa Perunyň paýtagty Limada geçirilýän agyr atletika boýunça ýetginjekleriň dünýä çempionatynyň (IWF World Youth Championships 2024) kümüş medalyna mynasyp boldy. Bu barada Halkara agyr atletika federasiýasynyň saýtynda habar berilýär.

22 – 26-njy maýda geçirilýän ýaryş dünýäniň 50 ýurdundan 280-e golaý türgeni ýygnady.
Amanowa geçen ýyl 13 ýaşynda 45 kg çenli agram derejesinde altyn medala mynasyp boldy. Bu gezek ol 49 kg çenli derejede çykyş edip, ýene gowy netije görkezdi. Onuň itekläp götermekde bir synanyşygy ýerine ýetirip bilmändigine garamazdan, ol ýaryşyň birinji ýarymyndan soň öňdebaryjy bolup, ony iki ýaryşyň jemi boýunça 77-91-168 netije bilen ikinji orunda tamamlady. Ol geçen ýylky umumy görkezijisini 12 kg ýokarlandyrdy.
Şol bir wagtyň özünde Aşgabadyň 104-nji orta mekdebiniň okuwçysy silterläp götermekde (77 kg) “altyn” we itekläp götermekde (91 kg) “bürünç” aldy.

Kakasy tarapyndan türgenleşdirilýän Ogulşat soňky synanyşykda öňdeligi eýeledi, ýöne 17 ýaşly ispaniýaly Lusiýa Gonsales 93 kg götermegi başaryp, iki ýaryşyň jemi boýunça 76-93-169 netije bilen birinji orny eýeledi.
Bürünç medaly 74-89-163 netije bilen Fransiýadan Margo Koçetowa aldy.
Belläp geçsek, ýaryşa 13-17 ýaşyndaky türgenler gatnaşýar. Lusiýa Gonsales üçin bu ýetginjekleriň arasynda çykyşynyň soňky ýylydyr.
Ýene bir türkmen agyr atletikaçysy Didarbek Jumabaýew 67 kg çenli agram derejesinde ýaryşy münberden bir ädim yzda tamamlady. Ol iki ýaryşyň jemi boýunça 372 kg netije (177+155) bilen dördünji orny eýeledi. Itekläp götermekde “Olimp” orta sport mekdebiniň okuwçysy üçünji orny eýeledi.


03.06.2026 17:49
3.7k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......