Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri çap edildi

  • 05.06.2024 11:12
  • 5.8k+

Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri çapdan çykdy. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyzyl kitabyň okyjylaryna, awtorlaryna we neşir edijilerine Gutlag iberdi.

Döwlet Baştutany Gutlagynda ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksadynyň türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmakdan, gözel tebigatymyzy aýawly saklamakdan we geljek nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden ybaratdygyny belleýär.

"Eziz Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly genofonduny gorap saklamakda Türkmenistanyň Gyzyl kitaby örän möhüm ähmiýete eýedir. Bu kitap biodürlüligiň ylmy taýdan öwrenilip taýýarlanan hazynalar çeşmesidir. Gyzyl kitaba girizilen görnüşleriň ygtybarly goralmagynyň hem-de köpeldilmeginiň diňe bir öz ýurdumyzda däl-de, eýsem, sebitde we bütin Ýer ýüzünde biologik dürlüligi gorap saklamaga hem mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn" diýlip, Gutlagda bellenilýär.


şu gün 15:39
236

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....