Türkmenistanyň diplomatlary daşary ýurtlarda welosipedli ýörişleri guradylar

  • 04.06.2024 15:23
  • 11k+

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen Bütindünýä welosiped güni mynasybetli daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynda sport çäreleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

2024-nji ýylyň 31-nji maýynda London şäherinde Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped gününe hem-de Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni we sport çärelerini geçirdi. Bu çärä Ilçihananyň işgärleri we Beýik Britaniýada bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Şol gün Rumyniýadaky Türkmenistanyň Ilçihanasynyň howandarlygynda Buharest şäherinde hem meňzeş çäre geçirildi. Sport çäresi ýerli häkimligiň we «Ýaşyl rewolýusiýa» birleşiginiň goldawy bilen Patyşa Maýkl I seýilgähinde guraldy. Oňa Rumyniýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, türkmen diasporasynyň wekilleri hem-de talyplar gatnaşdylar.
Şeýle hem Pakistan Yslam Respublikasyndaky Türkmenistanyň Ilçihanasy Pakistanyň Daşary işler ministrligi we «Serena myhmanhanalary» kompaniýasy bilen bilelikde sagdyn durmuş ýörelgesini we degişli Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga goşant goşýan ekologiýa taýdan arassa ulag görnüşlerini wagyz etmek maksady bilen «Bütindünýä welosiped güni – 2024» atly dabarany gurady.

Saud Arabystany Patyşalygyndaky Türkmenistanyň Ilçihanasy ýurduň Welosiped federasiýasy bilen bilelikde Er-Riýad şäherinde welosiped ýörişini gurady. Bu çärä Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary, Saud Arabystany Patyşalygynyň Welosiped federasiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Patyşalygyň milli welosiped toparynyň türgenleri, ýetginjekler we mümkinçilikleri çäkli çagalar gatnaşdy.
2-nji iýunda Ermenistan Respublikasyndaky Türkmenistanyň Ilçihanasy Ýerewan şäher häkimligi bilen bilelikde welosiped ýörişini gurady. Welosiped ýörişi Ýerewanyň merkezi şaýollarynyň birinde geçirildi. Ýörişe Ermenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Daşary işler ministrliginiň işgärleri we maşgala agzalary, Ermenistanyň Welosiped federasiýasynyň agzalary, türgenler we paýtagtyň ýaşaýjylary gatnaşdy.

3-nji iýunda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy, Gruziýanyň Milli welosiped federasiýasynyň ýardam bermeginde Bütindünýä welosiped gününe hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Tbilisi-Mtskheta-Tbilisi» ugry boýunça welosiped ýörişini gurady. Bu ýol Tbilisiniň merkezi köçelerini, şeýle hem gadymy paýtagt Mtskhetany öz içine alýar.
Mundan başga-da, Türkiýäniň, BAE-niň, Russiýanyň, Germaniýanyň, Gazagystanyň, Fransiýanyň, Hindistanyň paýtagtlarynda we Birleşen Arap Emirliklerindäki Türkmenistanyň Baş konsullygynyň guramagynda Dubaý şäherinde welosiped ýörişleri geçirildi. Köpçülikleýin ýörişlere ýurduň diplomatik wekilhanasynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary, türkmen diasporasynyň wekilleri we talyplar gatnaşdylar.


düýn 11:25
1.7k+

Türkmenistanyň küştçi gyzlary Buharadaky halkara ýaryşynda uly ýeňiş gazandy

2026-njy ýylyň 9 — 15-nji marty aralygynda Özbegistanyň Buhara şäherinde zenanlaryň arasynda IV halkara küşt ýaryşy geçirildi. Hindistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Mongoliýadan, Awstriýadan, Belarusdan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan gelen güýçli küştçüleriň gatnaşan bu bäsleşiginde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary ýokary netijeleri görkezdi...

17.03.2026 20:20
7k+

Elman Tagaýew «Nebitçä» geçdi: Türkmenistanyň çempionatynyň esasy transferleri

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň (TFF) habar bermegine görä, futbol boýunça 2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty ýaryşy dört aýlawda geçiriler. Ýaryşyň ilkinji iki aýlawy 4-nji aprel — 20-nji iýun aralygynda dowam eder, galan oýunlar bolsa möwsümiň ikinji ýarymynda geçiriler...

16.03.2026 17:11
5.7k+

Türkmen boksçylary Bangkokdaky World Boxing Futures Cup 2026 ýaryşynda iki bürünç medal gazandy

Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde 8 — 15-nji mart aralygynda geçirilen World Boxing Futures Cup 2026 halkara ýaryşynda türkmen boksçylary iki sany bürünç medal gazandy. Bu barada THP habar berýär. 75 kg çenli agram derejesinde Ysmaýyl Orazmyradow bürünç medalyň eýesi boldy...

16.03.2026 16:56
4.9k+

Karate boýunça türkmen türgenleri Krakow kubogynda baýrakly orunlary eýeledi

2026-njy ýylyň 10-17-nji marty aralygynda Polşanyň Krakow şäherinde adaty karate boýunça halkara ýaryş — Krakow kubogy geçirildi. Ýaryşa 14 ýurtdan 870-den gowrak türgen gatnaşdy diýip, THP habar berýär. Türkmenistanyň ýygyndy topary bu ýaryşda iki sany bürünç medal gazanmagy başardy...