Samsung Galaxy S24 Ultra iň köp satylan emeli aň smartfony boldy

  • 04.06.2024 13:45
  • 9.6k+

2024-nji ýylyň birinji çärýeginde emeli aň funksiýalary bolan smartfonlaryň arasynda öňdebaryjy orny Samsung eýeledi. Bu barada Counterpoint Research analitik firmasy täze hasabatynda habar berdi.

Sarp edijileriň arasynda iň meşhur smartfon bazaryň 30,1%-ini eýelän Samsung Galaxy S24 Ultra boldy. Ikinji orunda 16,8% paý bilen Samsung Galaxy S24, üçünji orunda 11,5% paý bilen Galaxy S24+ ýerleşdi.
Reýtingde Xiaomi, Vivo, Oppo, OnePlus, Honor we Google ýaly öndürijiler hem bar. Hasabata görä, ýylyň birinji çärýeginde ähli smartfonlaryň 6%-i emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyryldy. Bahasy 600 dollardan geçýän premium gurluşlar 70%-de diýen ýaly emeli aň goldawyna eýedir.
Counterpoint Research emeli aň funksiýalary bolan smartfon modelleriniň sanynyň birinji çärýekde geçen ýyldaky 16-dan 30-a çenli artandygyny belleýär. Çaklamalara görä, 2024-nji ýylda emeli aňly smartfonlaryň paýy 11%-e çenli ýokarlanar.


11.06.2026 23:59
6k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......