Günorta Koreýa Aýa we Marsa barmak meýilnamasyny yglan etdi

  • 04.06.2024 15:04
  • 5.1k+

Günorta Koreýa 2032-nji ýyla çenli Aýa we 2045-nji ýyla çenli Marsa öz apparatlarynyň ugradylmaga gönükdirilen giň kosmos maksatnamasyny yglan etdi diýip, Phys.org habar berýär.

Prezident Ýun Sok Ýol ýakyn onýyllyklarda barlag üçin 70 milliard dollar beriljekdigini habar bedi.
Maksatnamanyň çäginde, Koreýa NASA-nyň 2026-njy ýyla çenli astronawtlary Aýa ugratmagy maksat edinýän “Artemida-3” missiýasyna işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem ýurtda 2032-nji ýylda Aýa öz apparatlaryny ibermek missiýasyny, 2045-nji ýylda bolsa Mars missiýasyny işläp düzmek meýilleşdirilýär.
Uly meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin Günorta Koreýa diňe döwlet çeşmeleri däl, eýsem, hususy çeşmeleri hem özüne çekýär. Barlag we işläp düzmek maksatnamasyna NASA-nyň tejribeli hünärmeni Jon Li ýolbaşçylyk eder. Aý zonduny we täze uçuş ulaglaryny döretmek taslamalary Hanwha Aerospace we Perigee Aerospace bilen bilelikde amala aşyrylar.


düýn 15:40
1.7k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.6k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 13:48
4.1k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......