Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby Pyraga bagyşlanan döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

  • 04.06.2024 11:27
  • 4.4k+

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Amandursun Annanazarowa Türkmenistanyň ýokary we mugallymçylyk, lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «Aýdar Magtymguly, sözüm älemdir» atly döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berilýär.

Döredijilik we çeper okaýyş bäsleşigine gatnaşýan talyplaryň her biri iki sany goşgyny ýerine ýetirdiler. Olar, ilkibaşda, Magtymguly Pyragynyň bir goşgusyny aýdyp berdiler. Ikinji goşgy bolsa talybyň özüne degişli bolup, söz ussadynyň edebi mirasynyň gymmatyny, durmuşdaky we umumadamzat medeniýetindäki ähmiýetini wasp etmäge bagyşlandy. Olar ýerine ýetirilende şygryň sözlerini dogry, doly manysyny ýüze çykaryp aýtmak, ses, hereket, keşp döretmek arkaly artistlik ukyplaryny — hyjuwlylygy, temperamenti ýüze çykarmak talap edildi. Şertleriň dowamynda goşmaça sahnalaşdyrylan çykyşlar, wideoşekiller hem görkezildi.
Üçünji şertde bäsleşige gatnaşyjylar akyldar şahyryň terjimehalyna we edebi mirasyna degişli bijeli soragy çekip, oňa bir minudyň dowamynda pikirlenip, dogry jogap bermek boýunça bäsleşdiler.
Amandursun Annanazarowa türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 4-nji ýyl talyby.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......