Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat geçirildi

  • 03.06.2024 11:43
  • 3.8k+

1-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň DIM-niň, diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Aleksandru Nartea, ÝHHG-niň Türkmenistandaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil, adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş Ylmy-kliniki merkeziň lukmany Allanur Saryýew çykyş etdi.
Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar çagalaryň hukuklaryny goramak ulgamynda Türkmenistanyň döwlet syýasatyny, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary berkitmegiň ädimlerini maslahatlaşdylar.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
740

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......