Türkmenistanda Çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümi başlandy

  • 03.06.2024 02:46
  • 7.5k+

2-nji iýunda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde mekdep okuwçylaryny Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy geçirildi.

Aşgabatdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan mekdep okuwçylary awtobuslaryň kerwenine tarap ugradylar. Olar tiz wagtdan bellenen ýere — dynç alyş merkezlerine bardylar. Bu ýerde çagalary mähirli garşyladylar, olara baýramçylyk süýjülikleri hödürlenildi, dynç alyş çäreleri guraldy.
Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem welaýatlarymyzdaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümine dabaraly badalga berildi.
Mekdep okuwçylary ýokary hünär derejeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda gyzyklanýan ugurlary boýunça gurnaklara gatnap, kompýuter programmalaryny, daşary ýurt dillerini öwrenip bilerler. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem hünär ukybyny ele almak we tejribe toplamak, terbiýeçilere kömek bermek üçin Gökderä gelerler. Mundan başga-da, teatr, sirk, belli aýdym-saz toparlary ýaşajyk tomaşaçylar bilen duşuşmaga taýýarlyk görýärler. Şeýle-de çagalar üçin niýetlenen dynç alyş meýilnamalarynda paýtagtymyzyň, welaýatlaryň ajaýyp künjeklerine, taryhy-medeni ýadygärliklere, muzeýlere, seýilgählere gezelençleriň guralmagy göz öňünde tutulýar.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......