Tim Szýu amerikaly Wýorjil Ortise garşy titul söweşini geçirmekden ýüz öwürdi

  • 02.06.2024 23:39
  • 8.8k+

Awstraliýaly boksçy Tim Szýu amerikaly Wýorjil Ortis bilen titul söweşini geçirmekden ýüz öwürdi. Bu barada Boxing Scene habar berýär.

Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) dünýä çempiony ady ugrundaky söweş 3-nji awgustda Los-Anjeles amerikan şäherinde geçmelidi. 
29 ýaşly Szýu mart aýynyň ahyrynda amerikaly Sebastýan Fundora garşy söweşde alan şikesiniň uzaga çeken bejergisi sebäpli lukmanlaryň görkezmesi boýunça söweşmekden ýüz öwürmeli boldy. 
Ýatlap geçsek, mart aýyndaky söweşde awstraliýaly boksçy ýeňlip, Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) wersiýasy boýunça birinji orta agramda çempion guşagyndan mahrum boldy.
Tim Szýu professional ringde 24 ýeňiş gazandy (17-si nokaut arkaly), Fundora bilen söweşde bolsa ilkinji ýeňlişine sezewar boldy. Tim Szýu öňki absolýut dünýä çempiony Konstantin Szýunyň ogludyr.


şu gün 14:53
4k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.6k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......