Tim Szýu karýerasynda ilkinji ýeňlişine sezewar bolup, iki çempionlyk guşagyny ýitirdi

  • 31.03.2024 15:51
  • 23k+

Tim Szýu professional karýerasynda ilkinji ýeňlişine sezewar boldy. Las-Wegasda ol amerikaly Sebastýan Fundoradan emin agzalarynyň tapawutly karary bilen ýeňildi.

Birinji orta agramda WBO we WBC çempion titullary ugrunda söweş doly 12 raund dowam etdi. Szýu WBO guşagyny gorap bilmedi, Fundora bolsa erkin WBC titulyny gazanmakdan daşary 29 ýaşly Szýuny ilkinji ýeňlişe sezewar etdi.
26 ýaşly Fundora üçin bu ýeňiş professional karýerasynda 21-nji boldy, onuň bir ýeňlişi we bir deňme-deňligi bar. Ilkibaşda Szýu Kit Turman bilen söweşmelidi, ýöne ol şikes aldy. Şol sebäpli Fundora söweşden 12 gün öň onuň ýerine geçdi.


düýn 09:40
5.1k+

Ýeňilmezekleriň söweşi: Naoýa «Monstr» Inoue we Dzýunto Nakatani absolýut çempionlyk ugrunda duşuşarlar

Boks äleminiň iň garaşylýan duşuşyklarynyň biri tassyklandy: ýaponiýaly meşhur boksçylar Naoýa «Monstr» Inoue we Dzýunto Nakatani ikinji iň ýeňil agram derejesinde dünýäniň absolýut çempiony diýen at ugrunda ringe çykarlar...

24.02.2026 17:59
5.1k+

Floýd Meýwezer we Menni Pakýao şu güýzde rewanş duşuşygyny geçirer

Floýd Meýwezer we Menni Pakýao 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda ikinji gezek duşuşar. Söweş Las-Wegasdaky Sphere arenasynda geçiriler, Netflix striming hyzmaty bolsa söweşi göni ýaýlymda görkezer. Habar berlişine görä, bu tutluşyk soňky ýyllarda iki boksçynyň gatnaşan görkezme söweşlerinden tapawutlylykda, professional boks duşuşygy bolar...

19.02.2026 21:33
4.4k+

WBC boks boýunça dünýä çempionlaryna beriljek zynjyr bilen kulony görkezdi

Bütindünýä boks geňeşi (WBC) çempionlyk ýüzüginiň yzy bilen 2026-njy ýylyň WBC dünýä çempionatynyň esasy wakasyna bagyşlanan zynjyr bilen kulony hödürledi. Bu şaý-sepiň dizaýny WBC-niň ýaşyl boks elligi görnüşinde ýerine ýetirildi we ak altyndan ýasalyp, 800-den gowrak daşda ýerleşdirilen umumy agramy 18,9 karat töweregi zümerret we göwher daşlary bilen bezeldi...

17.02.2026 15:21
8k+

Taýson Fýuri we Arslanbek Mahmudow söweşden öň ilkinji "bakyşlaryň duşuşygyny" geçirdiler

Britaniýaly belli boksçy Taýson Fýuri we asly russiýaly Arslanbek Mahmudow aprel aýynda boljak uly söweşiň öňüsyrasynda ilkinji gezek Londonda duşuşdylar. Iki boksçynyň "bakyşlaryň çaknyşygy" dabarasy söweşe bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy...