Tim Szýu karýerasynda ilkinji ýeňlişine sezewar bolup, iki çempionlyk guşagyny ýitirdi

  • 31.03.2024 15:51
  • 23k+

Tim Szýu professional karýerasynda ilkinji ýeňlişine sezewar boldy. Las-Wegasda ol amerikaly Sebastýan Fundoradan emin agzalarynyň tapawutly karary bilen ýeňildi.

Birinji orta agramda WBO we WBC çempion titullary ugrunda söweş doly 12 raund dowam etdi. Szýu WBO guşagyny gorap bilmedi, Fundora bolsa erkin WBC titulyny gazanmakdan daşary 29 ýaşly Szýuny ilkinji ýeňlişe sezewar etdi.
26 ýaşly Fundora üçin bu ýeňiş professional karýerasynda 21-nji boldy, onuň bir ýeňlişi we bir deňme-deňligi bar. Ilkibaşda Szýu Kit Turman bilen söweşmelidi, ýöne ol şikes aldy. Şol sebäpli Fundora söweşden 12 gün öň onuň ýerine geçdi.


düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....