4 müň dollarlyk bitkoin gapjygynyň ýitirilen parolyny, gymmaty 3 million dollara galanda açyp bildi

  • 02.06.2024 23:27
  • 16k+

11 ýyl mundan ozal özüniň 43,6 bitkoinli kripto-gapjygynyň parolyny ýitiren bir adam inžener-hakeriň kömegi bilen serişdesini yzyna alyp bildi diýip, Independent neşiri ýazýar.

2013-nji ýylda kripto-gapjygyň eýesi RoboForm-yň kömegi bilen parol döredip, ony şifrlenen TrueCrypt konteýnerinde saklap galdy. Ýöne ol konteýneriň zaýalanandygy sebäpli parola elýeterliligini ýitirdi. Şol wagt gapjykdaky bitkoinleriň bahasy, takmynan, 4 müň dollardy, ýöne 2024-nji ýyla çenli ol 3 mln dollara çenli ýokarlandy.
Ulanyjy inžener we haker Jo Granda (Kingpin hökmünde tanalýar) kömek sorap ýüz tutdy. Ilkibaşda Grand ýumşy ýerine ýetirmegiň mümkin däldigi sebäpli ýüz öwürdi, ýöne onuň kärdeşi Bruno gapjygyň özüne däl-de, RoboForm-a “hüjüm etmegi” teklip etdi.
Hakerler barlag geçirip, RoboForm parol döredijisinde parollaryň döredilen senesini bilip, olary kesgitlemäge mümkinçilik berýän gowşaklygy tapdylar: ýagny, RoboForm kompýuteriň häzirki senesiniň we wagtynyň esasynda açar döredýär eken.
Grand we Bruno ulgam wagtyny 11 ýyl yza gaýtardylar we RoboForm-yň şol döwürde döredip biljek ähli parollaryny barlap gördüler. Netijede, olara dogry paroly tapyp, Maýka gapjyga elýeterliligi gaýtaryp bermek başartdy.
Bilermenler bu döwüş usulynyň 2015-nji ýyldan soň döredilen parollar bilen işlemeýändigini, sebäbi RoboForm-yň şondan bäri öz platformasyny täzeländigini belleýärler. 


23.05.2025 13:00
13k+

15 ýyl ozal 10 müň bitkoine iki pizza satyn alypdyrlar, şu gün bu mukdara 70 mln pizza düşýär

2010-njy ýylyň 22-nji maýynda amerikaly programmist Laslo Hanes taryhda ilkinji gezek bitkoini haryt satyn almak üçin ulanýar. Ol «Papa John’s-dan» iki pizza üçin 10 müň BTC töläpdi, şol wagt onuň gymmaty bary-ýogy 40 dollar töweregindedi...

26.02.2025 09:35
8.8k+

Hakerler bitkoini döredijileriň atlaryny anyklandygyny aýdýar: Koen we Sassemen

Näbelli hakerler topary bitkoini döredijileriň atlaryny bilmegiň başardandygyny nygtaýar. Hakerleriň pikiriçe, Satoşi Nakamoto adynyň aňyrsynda programmistler Brem Koen bilen Len Sassemen gizlenýär diýip, “Argumenty...

09.01.2025 14:15
3.7k+

Ethereum-yň esaslandyryjysy haýyr-sahawata 1 mln dollarlyk memkoin bagyş etdi

Ethereum-yň esaslandyryjylarynyň biri Witalik Buterin haýyr-sahawat maksatlary bilen köp mukdarda mem tokenlerden dynmagyny dowam etdirýär. Kriptomilliarder, takmynan, 984 000 dollar mukdarda memkoinleriň uly tapgyryny...

22.12.2024 13:23
4.7k+

Lýuks brendler kriptowalýuta töleglerini kabul edip başladylar

Ýakynda bitkoiniň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagyndan soň, lýuks brendler kriptowalýuta arkaly tölegleri girizip başladylar diýip, Reuters habar berýär. Mysal üçin, Fransiýanyň uniwermaglar ulgamy Printemps öz dükanlarynda...