Ýaponiýada dünýäde ilkinji agaç hemra döredildi

  • 02.06.2024 01:19
  • 8.7k+

Ýapon alymlary dünýäde ilkinji agaç hemrany döretdiler we ony üstümizdäki ýylyň sentýabr aýynda kosmosa uçurmagy meýilleşdirýärler. LignoSat diýip atlandyrylan hemra magnoliýadan ýasalyp, gyraňlarynyň uzynlygy 10 santimetre barabar kubdur. Bu daragtyň agajy berkligi we çeýeligi, şeýle hem kosmosyň aşa agyr şertlerine çydamlydygy üçin saýlandy diýip, Phys.org ýazýar.

LignoSat taslamasy 2020-nji ýylda Kioto uniwersitetiniň we Sumitomo Foresty tokaý işläp bejeriş korporasiýasynyň bilelikdäki gözleg topary tarapyndan işe girizildi. Taslamanyň maksady - ekologiýa taýdan arassa kosmos gözlegleri üçin täze mümkinçilikleri açmak. Bu pikiriň özeni geljekde agaçdan ýasalan hemralary döretmekden ybaratdyr, olar Ýere gaýdyp gelýärkä atmosferada doly ýanar we kosmosda galyndy galdyrmaýar.
LignoSat-yň agramy bary-ýogy 1 kg, diwarynyň galyňlygy 4-5,5 mm. Gurluşynda berkidiji ýa-da ýelim ulanmazdan, ýaponlaryň adaty agaç işläp bejeriş usullary ulanyldy. Hemra öz ýagdaýy barada maglumat ýygnamak üçin datçikler bilen enjamlaşdyrylandyr.
Synag hemrasy synaglardan geçirmek üçin Ýaponiýanyň Aerokosmos gözleg gullugyna (JAXA) geçiriler. Soňra ol SpaceX raketasynda orbita uçurylar. Hemra orbita çykandan soň oňa Ýerden gözegçilik ediler we alnan maglumatlar alymlara kosmosda agaç materiallarynyň özüni alyp barşyna has gowy düşünmäge kömek eder.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....