Magtymguly etrabynda täze çagalar dynç alyş merkezi açyldy

  • 01.06.2024 12:04
  • 12k+

31-nji maýda Magtymguly etrabynda “Arkadagly nesiller” döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, durmuş, ykdysady we medeni ösüşde iň ýokary görkezijileri gazanmak ugrunda her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşigiň jemleri boýunça Balkan welaýatynyň Magtymguly etraby welaýatlaryň etraplarynyň, etrap hukukly şäherleriniň arasynda ýeňiji boldy hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy. Bu serişdeler şu gün dabaraly açylýan çagalar dynç alyş merkeziniň gurluşygyna we ondaky desgalaryň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmegine gönükdirildi.Toplum çagalar dynç alşynyň guralmagy babatda häzirki zaman talaplaryna we gurluşyk ülňülerine laýyklykda gurlupdyr. Dynç alyş merkezinde maşgala bolup dynç almak üçin hem amatly şertler döredilipdir. Bu ýerde ulular, eýýäm kiçi ýaşdan başlap işjeň dynç almak, sport bilen meşgullanmak endiklerini kemala getirýän çagalar öz boş wagtyny gyzykly we şadyýan geçirip bilerler. Merkeziň çäginde dürli attraksionlar, oýun enjamlarynyň zaly, garbanyşhana, çaga oýnawaçlarynyň dükany we beýlekiler ýerleşdirilipdir. Bu ýere gelýänler üçin baglaryň saýasynda amatly oturgyçlar hem goýlupdyr.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......