Türkmenistanda şalynyň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandyryldy

  • 01.06.2024 07:46
  • 23k+

Türkmenistanda 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap şalynyň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandyryldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Şeýle hem resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine bu welaýatlaryň degişli etraplarynda şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Bellenilişi ýaly, bu resminama ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini hem-de daýhanlarymyzyň şalynyň ýokary hasylyny öndürmekde höwesini artdyrmak arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen kabul edildi.


düýn 16:07
2.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.3k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......