2024-nji ýylda Türkmenistanda ylmy bäsleşikde ýaşlaryň 107-si ýeňiji boldy

  • 31.05.2024 23:53
  • 7.4k+

2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Bu barada wise-premýer N.Amannepesow anna güni Hökümet mejlisinde habar berdi.

Ýurdumyzda her ýyl Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ylmyň we tehnikanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça däp bolan bäsleşik geçirilýär.
Şu ýyl bu abraýly ylmy bäsleşige ýaşlaryň 1670-si gatnaşyp, olaryň 107-si ýeňijiler diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýaş alymlara gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak meýilleşdirilýär.
Serdar Berdimuhamedow «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda 6 ugur boýunça ylmy bäsleşigiň geçirilmeginiň möhümdigini belläp, bu bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak baradaky teklibi makullady.


şu gün 10:53
939

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....