Ronaldu saud Pro-Ligasynyň iň gowy bombardiri hökmünde “Altyn butsy” aldy

  • 31.05.2024 10:44
  • 10k+

“Al-Nasryň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu saud Pro-Ligasynyň iň gowy bombardiri hökmünde “Altyn butsy” aldy. Bu barada klubuň metbugat gullugy X sosial ulgamynda habar berýär.

Ýatlap geçsek, portugaliýaly Saud Arabystanynyň çempionatynyň soňky möwsüminde iň gowy köp gol geçiren oýunçy boldy. 39 ýaşly Ronaldu üçin bu möwsüm täze ýurtda ilkinji doly derejeli möwsüm boldy, geçen möwsümiň bir bölegini ol “Mançester Ýunaýtediň” düzüminde geçiripdi.
Ronaldunyň hasabynda saud çempionatynyň häzirki ýaryşynda 35 gol bar. Ol geçiren gollarynyň sany boýunça liganyň rekord eýesi boldy. Şeýle-de, futbolçy 11 netijeli geçirim bilen tapawutlandy.
Belläp geçsek, 2023/2024-möwsüminiň saud Pro-Ligasynyň jemi boýunça, “Al-Hilýal” 96 utuk gazanyp, möhletinden ir çempion boldy. Ikinji orny 82 utuk bilen “Al-Nasr” eýeledi. Ýaryş jedwelinde iň gowularyň üçlügini 65 utuk bilen “Al-Ahli” jemledi.


düýn 22:49
2.5k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.4k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
12k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......