100 000 Nvidia çipleri: Ilon Mask iň güýçli superkompýuterleriň birini döredýär

  • 30.05.2024 22:24
  • 10k+

Ilon Maskyň xAI startapy emeli aň bazarynyň OpenAI, Google we Microsoft ýaly liderleri bilen bäsleşmek üçin dünýäde iň güýçli superkompýuterleriň birini döredýär. Bu barada “The Information-a” salgylanyp, Reuters agentligi habar berýär.

2025-nji ýylyň güýzüne çenli taýýar bolmagyna garaşylýan superkompýuter 100 000 Nvidia H100 grafiki prosessoryny ulanar. Bu bar bolan analoglaryňkydan dört esse köp bolup, xAI startapyna has çylşyrymly modelleri işläp düzmäge we okatmaga mümkinçilik berer.
Mask 2024-nji ýylyň ahyryna çenli xAI-iň pudak liderleri bilen bäsleşip biljekdigine, 2025-nji ýylyň ahyryna çenli bolsa emeli aň ulgamlarynyň dürli işlerde adamzat mümkinçiliklerinden üstün geljekdigine ynanýar.
Şeýle ulgamlaryň biri häzirki wagtda işläp taýýarlamagyň irki tapgyrynda bolan Grok çat-boty bolar. Grok tebigy aragatnaşyga, döredijilik mazmunyny döretmäge we giň meseleler toplumyny çözmäge ukyply kuwwatly dil modeli bolar.
xAI “hasaplaýyş gigafabrikasyny” döretmek üçin Oracle bilen hyzmatdaşlyk edip biler.


düýn 20:49
1.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

23.04.2026 15:22
1.1k+

Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň ilkinji uçuşynyň wagtyny mälim etdi

SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň–«Ship 39» prototipiniň ilkinji uçuşynyň 2026-njy ýylyň maý aýynyň başyna meýilleşdirilýändigini habar berdi....

02.04.2026 21:00
3.1k+

SpaceX IPO üçin arza berdi. Munuň taryhda ýerleşdirilen iň uly paýnama bolmagyna garaşylýar

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar komissiýasyna ilkinji gezek köpçülige paýnama hödürlemegi (IPO) geçirmek üçin gizlinlik bilen arza berdi. Bu barada çeşmelere salgylanýan......

14.03.2026 23:33
4k+

Starlink interneti çaltlandyrmak üçin hemralarynyň bir bölegini Ýere has ýakyn getirdi

Ilon Maskyň Starlink kompaniýasy öz hemralary bilen aragatnaşygy gowulandyrmak üçin dürli usullary ulanýar. Soňky günlerde bu usullaryň biri hökmünde hemralar toparynyň bir bölegi Ýere golaý pes orbita geçirilýär...