Apple “sanly daşy” patentledi. Gürrüň näme barada?

  • 30.05.2024 22:21
  • 6.3k+

Internet torunda Apple-iň geljekde satuwa çykyp biljek täze interaktiw gajeti barada maglumatlar peýda boldy. ABŞ-nyň haryt nyşanlary we patent boýunça edarasy kompaniýanyň “Digital Stone” (“sanly daş”) atly gurluşy görkezýän täze patentini hödürledi diýip, “Gizmochina” ýazýar.

Gajet daş ýa-da teňňäniň ululygyndaky kiçi ykjam gurluş bolup, Vision Pro garniturasy bilen işlemek üçin niýetlenendir. Özara gatnaşmak we wizual maglumatlar üçin sensor displeýinden başga-da, “sanly daş” ses arkaly dolandyrmak üçin mikrofonlar we sesli jogap gatnaşygy üçin dinamikalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Patent duran ýeriňi yzarlamak mümkinçiligini-de göz öňünde tutýar.
“Sanly daş” akylly öý bilen aragatnaşyk, dürli programmalary işe girizmek, şeýle-de kolonkalary, ýagtylygy we aşhana enjamlaryny uzak aralykdan dolandyrmak üçin ses arkaly dolandyryş bilen uniwersal kömekçi bolup biler.
“Daş” nauşnik, kolonka, smartfon, noutbuk we ş.m. ýaly dürli elektronika bilen birigip, aragatnaşyk saklap bilýär.
“Digital Stone-yň” funksiýalar toplumy heniz doly belli bolmasa-da, patent geljekde tehnologiýalar bilen aragatnaşygy düýpgöter üýtgedip biljek uniwersal guralyň peýda boljakdygyny aýdyň görkezýär.


09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

03.06.2026 23:03
7.2k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

30.05.2026 00:14
2.4k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....