Tomusky Olimpiýa oýunlary ilkinji gezek Ýakyn Gündogarda geçiriler

  • 30.05.2024 22:18
  • 5.6k+

2036-njy ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlary Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçiriler. Bu barada, ispan neşiri Relevo habar berýär.

Çeşmäniň habaryna görä, Halkara Olimpiýa komiteti (HOK) 2036-njy ýylda Olimpiýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri barada eýýäm karar berdi we Katar bilen soňky jikme-jiklikler babatda ylalaşýar. Şeýle-de bolsa, karar resmi taýdan 2026-njy ýylda yglan edilip bilner.
Maglumat tassyklansa, Dohadaky Olimpiada Ýakyn Gündogaryň ilkinji Olimpiadasy bolar.
Kontinental öwrümiň düzgünine görä, 2036-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlary Afrikada ýa-da Aziýada geçirilmelidi. Geljek sekiz ýylyň dowamynda, tomusky Olimpiýa oýunlary Ýewropada (Pariž 2024), Amerikada (Los-Anjeles 2028) we Okeaniýada (Brisben 2032) geçiriler. 2019-njy ýylyň tomsunda, HOK 2036-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin arzalary kabul etmäge başlady.
Oýunlary geçirmek üçin resmi teklipler Türkiye, Meksika, Hindistan we Indoneziýa tarapyndan berildi. Beýleki dalaşgärleriň sanyna Saud Arabystany, Ispaniýa, Çili we Germaniýa hem girdi
Iri halkara ýaryşlaryny üstünlikli geçirmekde tejribesiniň bolmagy, Dohanyň üstünlikli tarapydyr. Şeýlelikde, soňky 10 ýylda Katarda 2015-nji ýylda - gandbol, 2016-njy ýylda - welosport, 2018-nji ýylda - gimnastika, 2019-njy ýylda - ýeňil atletika, 2022-nji ýylda - futbol we 2024-nji ýylda ýüzmek boýunça dünýä çempionatlary geçirildi. Katar 2027-nji ýylda basketbol dünýä çempionatyny kabul eder, 2030-njy ýylda bolsa Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýerine öwrüler.z


06.05.2026 23:46
1.8k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

15.03.2026 20:14
11k+

Messi Ýamala garşy oýnamaz: Ispaniýa bilen Argentinanyň arasyndaky «Finalissima» duşuşygy ýatyrylýar

Ýewropanyň häzirki çempiony Ispaniýa bilen Günorta Amerika kubogynyň ýeňijisi Argentinanyň arasyndaky «Finalissima» tituly ugrundaky futbol duşuşygy ýatyryldy. Bu barada El Chiringuito neşiri habar berýär. Aslynda, duşuşygy 27-nji martda Kataryň «Lusaýyl» stadionynda geçirmek meýilleşdirilipdi...

03.03.2026 11:20
3.3k+

Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy

Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär. 1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy...