BMW V8 hereketlendirijisi bolan özboluşly Skytop hödürledi

  • 30.05.2024 22:12
  • 11k+

Rimiň golaýyndaky Tiwolide geçirilen Villa d'Este 2024 atly nusgawy awtoulag sergisinde iki orunlyk BMW Skytop-yň tanyşdyrylyş dabarasy boldy diýip, IXBT habar berýär.

Retro-kabriolet brendiň Z8 we 503 ýaly nusgawy modellerinden ylham alýar.
Konsept-kar özünde häzirki zaman tehnologiýaly nusgawy dizaýny utgaşdyrýar. Awtoulagda elde aýryp bolýan gaty üçek we aşak düşürilýän yzky aýna bar.
Ýörite şu model üçin Dingolfing zawodynda topar tarapyndan döredilen Skytop goňur-gyzyl üçegi tutuksy-kümüş kuzow we “hrom kölegesi effekti” bilen sazlaşdyrýar.
Awtoulagyň kapotynyň aşagynda 616 at güýji kuwwaty we 750 Nm tork ösdürýän, goşa turbo güýçlendirijili 4,4 litrlik V8 hereketlendirijisi bar. Motoryň sekiz tizlikli awtomatiki geçiriş we M xDrive ähli tigri hereketli ulgam bilen jübütlenmegine garaşylýar.
BMW Skytop-y 2026-njy ýyla çenli 20-25 sany çäkli neşirde çykarmagy meýilleşdirýär. BMW-niň Group dizaýn bölüminiň başlygy Adrian wan Hoýdonk önümçilige goýbermek baradaky kararyň potensial alyjylaryň reaksiýasyna esaslanyp kabul ediljekdigini aýtdy.
Kabrioletiň bahasy şuňa meňzeş “içi” bolan M8 Competition-iň bahasyndan ep-esli ýokary bolar.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......