Porsche öňki inženeri Bentley-niň täze başlygy boldy

  • 30.05.2024 20:29
  • 5k+

1-nji iýuldan Bentley kompaniýasyna Frank-Şteffen Wallizer ýolbaşçylyk eder. Ol bu kompaniýa awtoulaglaryň ösüşi boýunça ýokary wezipelerde 30 ýyl töweregi işlän ýeri bolan Porsche-den geçer diýip, auto.ru ýazýar.

Wallizer karýerasyna 1995-nji ýylda Waýssah gözleg merkezinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijileri taslamalaşdyrmak boýunça inženerçilik tejribesi bilen başlady. Ol karýera basgançagyndan tizlik bilen ýokary galdy we 2003-nji ýylda strategiki motorsport ösüşiniň başlygy boldy. Iň meşhur taslamalarynyň biri 918 Spyder boldy.
2019-njy ýyldan başlap, Wallizer 911 we 718 önüm liniýalaryna ýolbaşçylyk etdi we 2022-nji ýyldan başlap bolsa Porsche awtoulaglarynyň umumy ösüşine ýolbaşçylyk etdi.
Bentley-iň ozalky başlygy Adrian Hollmark şu ýylyň mart aýynda Aston Martin-iň baş müdiri wezipesini ýerine ýetirmek üçin kompaniýany terk etdi.
Bentley öz hatarynda uly özgerişligi geçirmegiň bosagasynda. Iňlisler eýýäm flagman W12-den ýüz öwürdiler we V8 benzinli awtoulag öndürmegi bes etmegi meýilleşdirýärler. Olaryň ornuny täze nesil Continental GT kupeli çykjak iň soňky gibrid gurnama tutar. Onuň ilkinji görkezilişini iýun aýynda geçirmek meýilleşdirildi, ýöne bu kompaniýanyň doly işleýän müdiriniň ýok mahalynda geçer.


19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

29.05.2026 11:37
3k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......