Türkmen taekwondoçylary Estoniýada «Balt Cup-2024» ýaryşynda 37 medal gazandylar

  • 30.05.2024 20:25
  • 14k+

Türkmenistanly türgenler Estoniýanyň paýtagtynda geçirilen ITF taekwondonyň olimpiýa däl görnüşi boýunça «Balt Cup-2024» halkara ýaryşynda 20 altyn, 7 kümüş we 10 bürünç medal gazandylar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" neşiri habar berýär.

Ýaryşa 8 ýurtdan 500 töweregi taekwondoçylar gatnaşyp, dürli derejelerinde baýraklar ugrunda bäsleşdiler.
Türkmenistanyň toparyndan ýaryşa 25 türgen gatnaşdy, olar bäsleşikleriň ähli görnüşleri boýunça jemi 37 medal – şol bir ýaryşda geçen ýyl bilen deňeşdirilende 8 medal köp gazandylar.
Bu üstünlik türkmenistanly ITF taekwondo ussatlarynyň şu ýyl halkara ýaryşlarynda gazanan ilkinji üstünligi däl. Iki aý mundan öň Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) geçirilen halkara ýaryşda olar 34 – 19 altyn, 9 kümüş we 6 bürünç medal eýelediler.


düýn 13:03
12k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......