Xiaomi aladaçyl ene-atalar üçin goşa kameraly we yzarlaýjyly "akylly" sagat çykardy

  • 30.05.2024 19:26
  • 6.1k+

"Xiaomi” kompaniýasy çagalara niýetlenen Mitu Children's Watch S1 atly täze "akylly" sagat hödürledi. Enjamda goşa kamera (öňdäki 5 MP we esasy 8 MP) bar, bu bolsa çagany we onuň daş-töweregini görmek mümkinçilikli wideo jaň etmäge mümkinçilik berýär diýip, IXBT ýazýar.

Mitu S1-iň 448 x 368 piksel durulykda 1,78 dýuým LCD ekrany, 1 GB RAM-y we 8 GB içerki fleş ýady bar. Sagat emeli hemranyň ýerleşişiniň bäş ulgamyny goldaýar: GPS, Beidou, GLONASS, GALILEO we QZSS, bu ene-atalara çaganyň ýerleşýän ýerini yzarlamaga mümkinçilik berýär. Hossarlary soňky 90 günde çaganyň nirelerde bolandygyny görüp bilerler.
Enjam şeýle hem SOS gyssagly kömek we zolaga giriş/çykyş habarnamalary ýaly, howpsuzlyk aýratynlyklaryny öz içine alýar. Ýagny ene-atalar çagasy öý, mekdep ýaly kesgitli ýerlerden çyksa ýa-da howply ýerlere girse, duýduryş alarlar.
Sagat traýektoriýa gyşarmasy ýaly ýagdaýlary hem kesgitläp biler.
Mitu S1-iň suw geçirmeýän korpusy bar we 100-den gowrak sport režimini hödürleýär. Şeýle hem sagat beýniniň ýadawlygynyň derejesini, gözüň ýadawlygyny, stresi, duýgulary, ýürek urmasyny we ganda kislorodyň derejesini yzarlamak bilen, saglyga gözegçilik etmegiň aýratynlyklary bilen enjamlaşdyrylan.
6 minut berlen zarýad enjama tutuş günüň dowamynda işlemäge mümkinçilik berýär.
Xiaomi Mitu Children's Watch S1 31-nji maýda Hytaýda 165 dollardan satylyp başlar.


03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

27.02.2026 19:13
2.6k+

Xiaomi ýanyň bilen göterip bolýan kir ýuwujy enjamyny çykardy

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy özüniň içerki bazarynda Mijia Mini Washer atly kiçijik kir ýuwujy maşynyny hödürledi. Bu model az mukdardaky kirleri ýuwmak üçin niýetlenenligi we tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Enjam bir gezeklik işinde bary-ýogy 0,08 kilowatt-sagat elektrik energiýasyny sarp edýär we 1,2 kilogram eşik ýüklemäge mümkinçilik berýär...

27.02.2026 16:38
2.4k+

Xiaomi Tag trekeri ýiten zatlary tapyp berýär

Xiaomi kompaniýasy zatlaryň ýerini anyklamak üçin niýetlenen täze enjamy — Xiaomi Tag trekerini hödürledi. Bu enjam açar ýa-da torba ýaly özüne berkidilen zatlary aňsatlyk bilen tapmak üçin niýetlenendir. Enjamyň işleýiş ýörelgesi beýleki trekerler ýaly standart usulda...

14.02.2026 14:21
1k+

Xiaomi 4,7 milliard parametrli Robotics-0 bilen robot tehnikasy älemine aralaşyp başlady

Xiaomi kompaniýasy robototehnika pudagy üçin niýetlenen, açyk kodly ilkinji iri göwrümli modelini — Xiaomi-Robotics-0 ulgamyny tanyşdyrdy. 4,7 milliard parametrli bu ulgam robotlary hakyky durmuş şertlerinde akylly dolandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar...