"Türkmenhowaýollary" we Qatar Airways Aşgabat-Doha howa gatnawlaryny açmagy maslahatlaşýarlar

  • 29.05.2024 13:29
  • 11k+

"Türkmenistan" awiakompaniýasynyň wekilleri bilen Katar Döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Ganem bin Abdulla Al-Remaihiniň arasynda geçirilen duşuşykda Aşgabat bilen Doha şäherleriniň arasynda göni howa gatnawlaryny açmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, taraplar iki ýurduň arasynda göni gatnawlar bolşy ýaly, üstaşyr gatnawlary hem ýola goýmak mümkinçiliklerine garadylar. Qatar Airways-yň hyzmatlaryny türkmen bazarynda ornaşdyrmak üçin mahabat çärelerini geçirmek teklip edildi. Şeýle hem "Türkmenhowaýollarynyň" uçarlarynyň Dohanyň howa menzilindäki artykmaçlyklaryny işläp düzmeklik maslahatlaşyldy.
Bellenilip geçilişi ýaly, bu çäreler iki ýurduň paýtagtynyň arasyndaky göni ýolagçy gatnawlaryny açmaklyga ýardam eder, şeýle hem üstaşyr gatnaw ugurlarynyň sanyny artdyrar.
Al-Remaihi şeýle hem Katara gitmegi meýilleşdirýän türkmen raýatlarynyň wiza almak üçin ýönekeýleşdirilen onlaýn hyzmatdan peýdalanyp biljekdiklerini ýatlatdy.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......