Eplenýän smartfonlar bazarynda Huawei Samsung-dan geçdi, Motorola 1260% ösüş gazandy

  • 29.05.2024 12:28
  • 5.9k+

TechInsights-yň berýän maglumatlaryna görä, eplenýän smartfon bazary çalt ösüşi başdan geçirýär, Huawei birinji çärýegiň netijeleri boýunça täze lider bolmak bilen, barha öňe dyzaýar. Seljerijiler Huawei-iň eplenýän flagmanlarynyň satuwynyň 257% ýokarlandygyny bellediler. Hytaý kompaniýasy ozal bazarda agdyklyk eden Samsung-dan öňe geçdi diýip, IXBT-iň habar berýär.

Sanawda Honor üçünji orny eýeleýär. Iň täsir galdyryjy ösüşi Motorola - 1260% görkezýär.
Huawei-niň «kitapçalar» segmentinde öňdebaryjydygyny, haýal hereket edýändigine garamazdan, Samsung-yň “ýygnama ýatalgalaryň” şasy bolmagynda galýandygyny bellemelidiris. Ozal eplenýän smartfonlar bahasy arzandygy sebäpli has meşhurdy, häzir bolsa “kitapçalar” satuwda olardan, esasanam, Hytaýda öňe geçýär. ABŞ-da, Ýewropada, Günorta Amerikada we Afrikada eplenýän smartfonlar  henizem öňde barýar.
Umuman aýdylanda, eplenýän enjamlar bazary täsirli ösüşi görkezýär: Honor satuwyny 480%, Vivo 331% ýokarlandyrdy, ýöne Samsung welin bary-ýogy 25% ösüş görkezdi. Şol bir wagtyň özünde Oppo-nyň satuwy 70% pese gaçdy.


düýn 20:25
3.3k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

20.06.2026 09:49
2.4k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......