Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy welosipedli ýöriş we futbol ýaryşyny gurady

  • 28.05.2024 22:51
  • 12k+

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde Waşington şäherindebirnäçe medeni we sport çärelerini geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, 25-nji maýda ilçihananyň binasynda türkmen diasporasynyň wekilleriniň, diplomatlaryň, talyp ýaşlaryň we edebiýat muşdaklarynyň gatnaşmagynda edebiýat agşamy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewanyň we Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.B.Orazowyň çykyşlary bilen başlandy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» we «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň hem-de beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň täze goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
26-njy maýda Waşington şäherinde köpçülikleýin welosiped ýörişi guraldy.
Çäreleriň toplumy Maklin şäherçesinde (Wirjiniýa ştaty) türkmen diasporasynyň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň we diplomatlaryň gatnaşmagynda geçirilen futbol ýaryşy bilen tamamlandy. Ýaryşyň ahyrynda ýeňijilere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.


şu gün 19:38
1.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
880

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......