Bugatti Chiron 55 1 of 1-iň öz görnüşinde ýeke-täk nusgasyny hödürledi

  • 28.05.2024 12:19
  • 9.2k+

"Bugatti Sur Mesure" topary eksklýuziw giperkar bolan Chiron 55 1 of 1-iň çykyşyny bildiriş etdi. Awtoulag 1931-nji ýylda Žan Bugatti tarapyndan döredilen, rowaýata öwrülen Type 55 Super Sport modeliniň ommažy hasaplanýar diýip, IXBT ýazýar.

Chiron 55 1 of 1 Type 55 Super Sport-yň gara-sary reňk gammasyny, şeýle hem onuň özboluşlylygyny görkezýän başga-da birnäçe dizaýn elementlerini miras alypdyr. 55 belgisi yzky krylo, gapdallar we gapylar ýaly kuzowyň dürli böleklerine owadanlyk berýär.
Chiron 55 1 of 1 tehniki taýdan 1600 at güýjüni ösdürýän we 1600 Nm torkly adaty 8 litrlik turbo görnüşli W16 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Elektrik hereketlendirijisi bilen bilelikde elektrik gurluşynyň iň ýokary güýji 1800 at güýjüne ýetip biler.
Chiron 55 1 of 1 öz görnüşinde ýeke-täk nusgadyr.

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....