Gitanas Nauseda Litwanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy

  • 28.05.2024 07:40
  • 2.1k+

Litwanyň häzirki Prezidenti Gitanas Nauseda ikinji möhlete gaýtadan saýlandy. Baş saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna görä, ol Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýurduň 1895 saýlaw uçastogynda býulletenler sanalandan soň, saýlawçylaryň sesiniň 74,43%-ini aldy diýip, Delfi habar berýär.

Nausedanyň esasy bäsdeşi – premýer-ministr Ingrid Şimonitäni saýlawçylaryň 24,06%-i goldady. Saýlawa gatnaşyk 49,61% boldy.
Nauseda žurnalistleriň öňünde çykyş etmek bilen, Litwanyň halkyna bildirilen ynam üçin minnetdarlygyny aýdyp, Prezident wezipesindäki täze möhletinde ilkinji maksadyň maddy hal-ýagdaýly döwleti gurmagyň boljakdygyny belledi. Şeýle-de, Nauseda işiň iki ugrunyň – daşary syýasatyň we howpsuzlygyň hem möhümdigini nygtap geçdi.
Gitanas Nauseda Litwanyň Prezidenti wezipesini 2019-njy ýylyň iýul aýyndan bäri eýeleýär.


01.04.2026 19:38
6.6k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.6k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...

05.03.2026 05:58
6k+

Türkmenistanda saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklaryna badalga berildi

2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär. Häzirki wagtda ýurduň ähli künjeklerinde dalaşgärleriň we olaryň ynanylan wekilleriniň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär...