Beýik Britaniýa 2026-njy ýyldan başlap ýollarda awtopilotyň ulanylmagyna rugsat berer

  • 27.05.2024 16:06
  • 7.5k+

Beýik Britaniýa 2026-njy ýyldan başlap köpçülikleýin ýollarda awtopilotyň ulanylmagyna rugsat berer. Bu 2022-nji ýyldan bäri ähli zerur tassyklamalary başdan geçiren “Awtomatlaşdyrylan ulag serişdeleri hakynda kanun” (Automated Vehicle Act) diýlip atlandyrylýan kanun taslamasynyň şalyk tarapyndan tassyklanmgy bilen mümkin boldy, diýip Wylsa.com habar berýär.

Resmi metbugatyň habaryna görä, soňky bäş ýylda Beýik Britaniýada awtomatlaşdyrylan ulaglary ösdürmek üçin 475 million funt sterling maýa goýuldy, 1500 täze iş orunlary döredildi we 2035-nji ýyla çenli bu pudakda her ýyl 42 milliard funt sterling girdeji gazanylyp we 38 000 iş orunlary üpjün edilip bilner.
Şeýle hem kanunda, öz-özüni dolandyrýan awtoulagyň sürüji oturgyjyndaky adamyň ýol hadysasynyň netijeleri üçin kanuny jogapkärçilikden boşadyljakdygy kesgitlenýär. Jogapkärçiligi, ätiýaçlandyryş kompaniýalary, programma üpjünçiliginiň dolandyryjysyny döredijiler ýa-da awtoulag öndürijisi paýlaşarlar.
Iňlis kanun çykaryjylary, awtopilotyň kanunlaşdyrylmagy ýol heläkçiliklerini azaldar diýip umyt edýärler, sebäbi statistika görä 88% ýol heläkçilik hadysalarynyň sebäpleri adam ýalňyşlyklarydyr.


11.05.2026 15:25
1.4k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.5k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
925

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......

29.04.2026 12:09
2.9k+

Isleg barka, çäk ýok: Riçard Waýthed protez bilen marafonda dünýä rekordyny döwdi

Britaniýaly türgen we iki gezek paralimpiýa çempiony Riçard Waýthed iki aýagy hem amputirlenen türgenleriň arasynda marafonda täze dünýä rekordyny goýdy. London marafonynda ol aralygy 2 sagat 40 minut 25......