Paleontologlar sygyrlaryň, sugunlaryň we doňuzlaryň nesilbaşysyny tapdylar. Ol juda ownuk eken

  • 27.05.2024 15:39
  • 11k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň paleontologlary, takmynan, 65 million ýyl ozal Koloradoda ýaşap geçen näbelli süýdemdirijileriň galyndylaryny tapdylar. Militocodon lydae diýlip atlandyrylan bu jandaryň müçesi alakanyň ululygyndan geçmändir we agramy 455 grama ýetipdir. “Süýdemdirijileriň ewolýusiýasy” žurnalynda çap edilen ylmy işde aýdylyşyna görä, alymlar onuň sygyr, doňuz we sugun ýaly, ähli häzirkizaman toýnaklylarynyň aslydygyny öňe sürýärler.

Bu jandar tapyndynyň awtory paleontolog Şeron Militonyň hormatyna goýlan ady göterýär. Açyş birnäçe onýyllyklaryň dowamynda gazuw-agtaryş işleriniň alnyp barylýan Korral-Blafs sebitinde edildi. M. Lydae-nyň tapylan kellesi we äň süňki  paleontologlara olaryň iýmitlenişi we ewolýusiýa aýratynlyklary barada netije çykarmaga mümkinçilik berdi.
Paleontolog Taýler Laýson: "Onuň dişleri iýmiti maýdalamaga däl-de, kesmäge we owratmaga uýgunlaşan – diýip düşündirdi. - Bu oňa, beýleki süýdemdirijiler bilen deňeşdirilende, ýaprak we baldak ýaly has gaty ösümlikler bilen iýmitlenmäge mümkinçilik berýän artykmaçlykdyr"
M. Lydae irki paleosen döwründe Demirgazyk Amerikada süýdemdirijileriň arasynda agdyklyk eden pereptihidler maşgalasyna degişlidir (bu 66-56 million ýyl ozalky döwri öz içine alýar). Dinozawrlaryň ýok bolmagyndan soň gelen bu döwür täze haýwanat dünýäsiniň çalt ösýän döwri boldy.
Laýson: "Süýdemdirijiniň tapylan kellesiniň beýany süýdemdirijileriň Ýerdäki soňky köpçülikleýin ölüp gutarmadan soň, süýdemdirijileriň has irki ýaýraýşyny resminamalaşdyrmakda möhüm ädimdir" –diýip belledi.
Alymlar şu wagta çenli M. Lidanyň diňe birnäçe bölegini tapdylar. Onuň ewolýusiýa daragtyndaky ornuny has takyk kesgitlemek we toýnaklylar bilen baglanyşygyny tassyklamak üçin süňkleriň has doly derňewini we molekulýar genetiki derňewi goşmak bilen goşmaça gözlegleri geçirmek zerurdyr. 


düýn 08:10
4.4k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.6k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......