Call of Duty: Black Ops 6 anons edildi: Şuter oýunçylary Ýakyn Gündogara iberer

  • 27.05.2024 15:18
  • 2.9k+

Activision kompaniýasy şuter žanryndaky meşhur oýnunyň täze bölümi Call of Duty: Black Ops 6-ny anons etdi. X sosial ulgamynda oýnuň ilkinji posteri ýerleşdirildi.

Mundan öň, işläp düzüjiler ýaş adamlar toparynyň Raşmor dagyna çykyp, ABŞ-nyň dört prezidentiniň heýkelinde habar galdyrýandygyny görkezýän tizeri hödürlediler.
Call of Duty: Black Ops 6-da wakanyň 1990-1991-nji ýyllarda Ýakyn Gündogarda, Pars aýlagyndaky uruş döwründe ýaýbaňlanmagyna garaşylýar. Oýnuň doly görkezilişi 9-njy iýunda Xbox oýunlarynyň tomusky tanyşdyrylyşynda bolar (Aşgabat wagty bilen 22:00-da başlar).
Call of Duty: Black Ops 6 barada has giňişleýin maglumatlar, şol sanda sýužet jikme-jiklikleri, geýmpleý aýratynlyklary we mümkin bolup biljek reliz platformalary gijräk belli bolar.

düýn 20:14
2.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
4.5k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.5k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......