«Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigiň jemi jemlendi

  • 27.05.2024 12:45
  • 2.4k+

25-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda üç günläp dowam eden «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigiň jemi jemlendi. Bäsleşikde daşary ýurtlaryň 9-syndan 11 sany ýokary okuw mekdebiniň 40-a golaý, ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň 200-den gowrak talyplary we magistrleri özara bäsleşdiler diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Bäsleşige gatnaşyjylar ýekebara syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we taryhy-medeni ugurlardan test ýumuşlaryny, meseleleri çözmek, toparlaýyn görnüşde bolsa halkara gatnaşyklarda matematiki usullary ulanmak, matematiki modelirleme boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň ýekebara görnüşinde türkmen talyplary altyn medallaryň 11-sine, kümüş medallaryň 34-sine, bürünç medallaryň 43-sine — jemi 88 medala mynasyp boldular. Toparlaýyn tapgyrda ildeşlerimiz 9 altyn, 15 kümüş, 24 bürünç medal eýelediler. Şeýle-de daşary ýurtly talyplar 15 medala mynasyp bolmagy başardylar.
Ýeňijilere degişli medallar, diplomlardyr ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.


08.06.2026 23:01
2.5k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

01.06.2026 17:06
3.1k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.2k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.9k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......